Aziýanyň täze "Milliarderler paýtagty" Hindistanyň Mumbai şäheri boldy

Hindistanda jemi 271 milliarder bar bolsa, Mumbai şäheriniň ykdysadyýeti 2023-nji ýylda 7,5 göterim ösüş etdi

2120338
Aziýanyň täze "Milliarderler paýtagty" Hindistanyň Mumbai şäheri boldy

"Nikkei Asia" atly metbugat gullugynyň merkezi Şanhaý şäherinde ýerleşýän "Hurun" atly ylmy-derňew institutyna esaslanyp beren maglumatyna görä, 92 milliarderi bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäherini geçen Mumbai şäheri, Aziýa materigindäki iň köp milliardere eýe bolan şäher boldy. 

Institut tarapyndan berilen maglumata görä, Nýu-Ýorkda 119, Londonda 97 milliarder bar bolsa, Mumbai şäheri 92 milliarderi bilen dünýä derejesinde 3-nji oruna geçdi. 

Hindistanda jemi 271 milliarder bar bolsa, Mumbai şäheriniň ykdysadyýeti 2023-nji ýylda 7,5 göterim ösüş etdi. 

Ýurtlara ser salynanda bolsa Hytaý 814 milliarderi bilen sanawyň başynda duran bolsa, bu görkezijiniň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 155 adam azalandygy habar berildi. 

ABŞ 800 milliarderi bilen ýurt derejesindäki milliarderleriň sanawy boýunça 2-nji orunda durýar. 

ABŞ-ly çip öndüriji Nvidia kärhanasynyň Ýokary derejeli ýolbaşçysy Jensen Huang 48 milliard dollar bilen sanawda ilkinji 30-a gien bolsa, Meta we Microsoft kärhanalarynyň eýeleriniň baýlyklarynyň hem örän artandygy hasaba alyndy. 

Tehnologiýa pudagyndaky baýlygyň artmagy bilen birlikde, amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygynyň hem 1,2 milliard dollara ýetmegi ünsleri özüne çekdi. 



Degişli Habarlar