Şyrnakdaky Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligi 30 müň barrelden geçdi

Şyrnak welaýatyndaky Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligi 30 müň barrelden geçdi

2079413
Şyrnakdaky Gabar dagynda gündelik nebit önümçiligi 30 müň barrelden geçdi
gabar-petrol uretimi.jpg
alparslan bayraktar-gencler.jpg

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar paýtagt Ankara şäherinde ýaşlar bilen duşuşyk geçirip, Gara deňizdäki tebigy gazdan başlap Gabar dagyndaky nebit önümçiligine çenli ençeme ugur bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Alparslan Baýraktar öňümizdäki 30 ýylyň dowamynda Türkiyäni energetika ugrunda daşary ýurtlara bolan garaşlylykdan azat etmegi maksat edinýändiklerini habar berdi. 

2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda Gaza deňiziň Sakarýa ýatagynda Respublika taryhynyň iň uly tebigy gaz goruny tapandyklaryny ýatladan Alparslan Baýraktar, ol ýer doly önümçilik kuwwadyna ýeten mahaly, Türkiyäniň zerurlygynyň 25-30 göterimini ýeke başyna üpjün edip biljekdigini mälim etdi. 

Gabar dagynda tapylan nebit bilen baglanşykly Alparslan Baýraktar: "Şu gün gündelik nebit önümçiligini 30 müň barrelden geçirdik. Gabar ýaly, belki öz serhetlerimiziň çägindäki tebigy gaz boýunça tapawutly ýataklary özleşdirip, Türkiýäniň bu ugurdaky daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny bes ederis" diýip nygtady.



Degişli Habarlar