Türkiýe Bilen Azerbaýjan Energetika Pudagy Boýunça Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär

Azerbaýjanyň Energetika ministri Perwiz Şahbazow, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda beýannama berdi.

2052060
Türkiýe Bilen Azerbaýjan Energetika Pudagy Boýunça Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Edýär

Azerbaýjanyň Energetika ministri Perwiz Şahbazow, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň tebigy gaz we nebit pudagy bilen birlikde birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini nygtap, “Doganlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrarys” diýdi.

Şahbazow, Russiýanyn paýtagty Moskwada geçirlen Rus energetika hepdeliginiň çäginde energetika pudagy boýunça Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda beýannama berdi.

Iki ýurduň birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çeken Şahbazow, “Türkiýe bilen Azerbaýjan doganlyk ýurtlardyr. Ähli ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýär. Şol bir wagtda energetika pudagy boýunça hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.

Türkiýäniň Ygdyr welaýatyndan Azerbaýjanyň Nahiçewan Awtonomiýasyna tebigy gazyň akdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdan Şahbazow, “Ýaňy ýakynda iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkiýeden Nahiçewana tebigy gazyň akdyrylmagy üçin turba geçirijiniň gurluşygyna badalga berildi” diýip belledi.

Azerbaýjanyň Energetika ministri Perwiz Şahbazow, “Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda nebit, gaz, nebit-himiýa we gaýtadan işlenýän energiýa ýaly birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlyk edýär. Şol hyzmatdaşlygy gelejek-de has-da pugtalandyrmagy umyd edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar