Trabzonyň türk gyzylbalygynyň eksporty artdy

Trabzonda 2018-nji ýylda başlan türk gyzylbalyk (losos) balygynyň eksportyndan alynýan girdeji 5 ýylda 968 göterim artdy

2035810
Trabzonyň türk gyzylbalygynyň eksporty artdy

Trabzondan 2018-nji ýylda 1 müň tonna bolan türk gyzylbalygynyň eksporty, 5 ýylda 10 esse artyp 2023-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda 10 müň 415 tonna ýetdi. 

Şol wagt aralygynda alynan girdeji bolsa 968 göterimlik artyş bilen 265 müň 126 dollardan 66 million 910 müň 71 dollara ýetdi. 

Türkiyäniň 19 aýry welaýatyndan türk gyzylbalyk (losos) balygy eksporty amala aşyrylýar. 

Eksportynyň 28 göterimlik bölegi Trabzondan ýerine ýetirilýär. Şäherden dünýäniň 11 ýurduna türk gyzylbalyk (losos) balygy eksport edilýär. 

Eksportyň 65 göterimlik bölegi Russiýa amala aşyrylýan bolsa, 2-nji orunda Wýetnam, 3-nji orunda bolsa Taýland bar. 


Etiketkalar: #eksport , #gyzylbalyk , #losos , #Trabzon

Degişli Habarlar