Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy

Türkiye şu ýylyň ilkinji 4 aýynda 13,5 million dollar girdeji aldy

1991147
Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiyeden şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda dünýäniň 40 ýurduna, awtonom we erkin söwda zolagyna ary balynyň satylandygyny aýan etdi. 

Ahmet Hamdi Gürdogan ady agzalan döwürde amala aşyrylan 4 müň 142 tonna ary bal eksportyndan 13 million 468 müň 114 dollar girdejiniň alynandygyny belläp: "ABŞ, Germaniýa we Ysraýyl şol döwürde ary bal iň köp eksport edilen 3 ýurt boldy. ABŞ-na 5 million 256 müň 178 dollarlyk, Germaniýa 2 million 110 müň 292 dollarlyk, Ysraýyla 1 million 803 müň 82 dollarlyk ary bal eksport edildi" diýip habar berildi. 

Ary bal eksportynda ýurtlaryň tapawutlylygyna ünsleri çeken Ahmet Hamdi Gürdogan geçen ýylyň şol döwründen tapawutlylykda Saud Arabystany, Irlandiýa, Horwatiýa, Rumyniýa, Wenesuela, Hytaý Halk Respublikasy we Kamerun ýaly döwletlere ary balynyň satylandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #eksport , #ary bal

Degişli Habarlar