90 Ýurda Zeýtun we Zeýtun Ýagy Eksport Edildi

90 ýurda zeýtun we zeýtun ýagy eksport edilip 294 million 754 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

1975288
90 Ýurda Zeýtun we Zeýtun Ýagy Eksport Edildi
zeytin.jpg
zeytin.jpg
siyah zeytin.jpg
zeytin yağı.jpg

Türkiýeden ýanwar-mart aýlaryny öz içine alýan döwürde 294 million 754 müň dollarlyk zeýtun we zeýtun ýagy eksport edildi.

Zeýtun we zeýtun ýagy pudagynyň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 156,7 göterim artdy.

Pudagyň wekilleri geçen ýylyň birinji çärýeginde 114 million 836 müň dollarlyk zeýtun we zeýtun ýağyny eksport edipdi.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 3 aýynda bolsa 90 ýurda zeýtun we zeýtun ýagy eksport edilip 294 million 754 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.

Zeýtun we zeýtun ýagy eksportunda Ispaniýa, ABŞ we Germaniýa esasy orun eýeledi.



Degişli Habarlar