TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy

Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar

1967333
TOGG ulagynyň ilkinji eýeleri belli boldy

Türkiyäniň ýerli awtoulagy TOGG-yň T10X modeli üçin sargyt bermäge hukuk gazanan 20 müň esasy we 20 müň goşmaça adamyň sanawy belli boldy. 

Sanawdaky 20 müň adama 2023-nji ýylda T10X modeli gowşurylar. 

Ýerli we milli elektrik tokda işleýän TOGG-yň T10X nusgasynyň ilkinji eýeleri çekilen bijeler bilen belli boldy. 

TOGG-yň T10X nusgasyny almaga hukuk gazanan adamlaryň sanawy TOGG-yň resmi internet saýtyndan we Trumore gollanmasyndan mälim edildi. 

TOGG-yň T10X modeli üçin deslapky sartgyt beren 177 müň 467 adamyň arasyndan 20 müň adam ýerli awtoulagyň eýesi boldy. 


Etiketkalar: #awtoulag , #TOGG

Degişli Habarlar