2 Aýda 3,2 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

2 aýda 661 tonna çaý eksport edilip 3 million 274 müň 872 dollarlyk girdeji gazanyldy

1959614
2 Aýda 3,2 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiýeden 10 aýda 76 ýurda we sebite çaýyň satylandygyny aýtdy.

Gürdogan, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan 2 aýlyk döwürde 661 tonna çaýyň eksport edilendigini we 3 million 274 müň 872 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.

Gürdogan, geçen ýyl 2 aýda çaý eksportundan 3 million 40 müň 290 dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Ahmet Hamdi Gürdogan, “Çaý eksportumyz geçen ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwrü bilen deňeşdirilende 8 göterim artdy. Belgiýa, Britaniýa we DKTR çaý eksportunda esasy orun eýeledi. Belgiýa iki aýda 1 million 149 müň 846, Britaniýa 397 müň 463 we DKTR-na bolsa 368 müň 934 dollarlyk çaý eksport edildi” diýdi.

Gürdogan, geçen ýyldan tapawutly ýagdaýda şu ýyl ilkinji gezek Saud Arabystanyna, Alžire, Daniýa, Slowakita, Ruminiýa, Italiýa, Norwegiýa, Keniýa, Panama, Indoneziýa, Litwa, Taýwana we Malaýziýa hem çaýyň satylandygyny belledi.

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #girdeji , #eksport , #çaý

Degişli Habarlar