Türkiýäniň Demirgazyk Afrika Ýurtlaryna Edýän Eksporty Artdy

Türkiýäniň Demirgazyk Afrika ýurtlaryna edýän eksporty 13 milliard 148 million dollara barabar boldy.

1936501
Türkiýäniň Demirgazyk Afrika Ýurtlaryna Edýän Eksporty Artdy

Türkiýäniň Demirgazyk Afrika ýurtlaryna edýän eksporty geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,1 göterim artyp 13 milliard 148 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň eksporty 2022-nji ýylda 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 12,9 göterim artyp 254 milliard 210 million dollara babar boldy.

2022-nji ýylda Marokko 2 milliard 968 million dollarlyk, Alžire 1 milliard 914 million dollarlyk, Tunise 1 milliard 505 million dollarlyk, Liwiýa 2 milliard 408 million dollarlyk, Müsüre 3 milliard 928 million dollarlyk we Sudana 423 million dollarlyk haryt eksport edildi.

Geçen aý bolsa Müsüre 348,9 million dollarlyk, Marokko 212,9 million dollarlyk, Alžire 183 million dollarlyk, Liwiýa 212,3 million dollarlyk we Sudana 47,9 million dollarlyk haryt eksport edildi.

 

 



Degişli Habarlar