Türkiyäniň Mebel pudagynyň eksporty 11,2 göterim artdy

Türkiýäniň eksporty 2022-nji ýylda 254,2 göterime ýetdi

1936258
Türkiyäniň Mebel pudagynyň eksporty 11,2 göterim artdy

Türkiyäniň Mebel pudagy, soňky ýyllarda eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly işlerini çaltlandyryp ýeten sepgidiniň netijesinde eksportyny 11,2 göterim artdyryp, 4,7 milliard dollara ýetirdi. 

Türkiýäniň eksporty 2022-nji ýylda 254,2 göterime ýetdi. 

Türkiyäniň Mebel pudagy ýylyň dowamynda bir tarapdan pudagyň wekilleri bilen sergilere gatnaşan bolsa, beýleki tarapdan iş alyp barýan bazarlarynda täsirini artdyryp, taslamalar durmuşa geçirip, eksport görkezijilerine möhüm derejede goşant goşdylar.

Pudagyň eksporty geçen ýyl 11,2 göterim artyp, 4,7 milliard dollara ýetdi. 

Geçen yl eksport paýyny 70,29 göterim bilen iň köp artdyran ýurt Katar boldy. 

Kataryň kärhanalary Dünýä Futbol çempionatynda esasan hem syýahatçylar üçin guran täze ýaşaýyş ýerlerinde, myhmanlarda we restoranlarda türk mebellerine isleg bildirdiler. 


Etiketkalar: #eksport , #mebel , #Türkiye

Degişli Habarlar