Türkiýe soňky 5 aýda 22,1 million dollarlyk balyk ununy we balyk ýagyny eksport etdi

Türkiýe şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda amala aşyran balyk uny we balyk ýagy eksportyndan alan girdejisini 71 göterim artdyryp, 22 million 193 müň 838 dollara ýetirdi

1840415
Türkiýe soňky 5 aýda 22,1 million dollarlyk balyk ununy we balyk ýagyny eksport etdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň agzasy we Balyk önümleri pudagynyň komitediniň başlygy Ismail Kobýa, Perunyň, Norwegiýanyň we Fransiýanyň iň köp eksportyň ýerine ýetirilen ýurtlardygyny belläp, şu ýyl geçen ýyl bilen deňeşdirilende Fransiýa, Ýemen we Germaniýa ýaly ýurtlara hem eksport amala aşyrylmaga başlanandygyny habar berdi. 

Balyk uny we balyk ýagy eksportynda Trabzon welaýatynyň öň hatara çykandygyny aýdan Ismail Kobýa, Trabzondan Peru, Norwegiýa, Fransiýa, Kolumbiýa we Ysraýyla ýerine ýetirilen 7 müň 478 tonnalyk balyk uny we balyk ýagy eksportyndan 21 million 236 müň 367 dollarlyk girdeji alynandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar