Trabzondan 40 Ýurda Funduk Eksport Edildi
Trabzonda ýerleşýän firmalar 23 müň 82 tonna funduk eksport edip 186 million 815 müň 822 dollarlyk girdeji gazandy.
1599543
Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde 52 müň 930 tonna funduk eksport edip 393 million 32 müň 671 dollarlyk girdeji gazandy.
Ady agzalýan döwürde merkezi Trabzonda ýerleşýän firmalar 23 müň 82 tonna funduk eksport edip 186 million 815 müň 822 dollarlyk girdeji gazandy.
Trabzondan iki aýda 40 ýurda funduk eksport edildi.
Funduk eksportynda Italiýa, Polşa we Hytaý Halk Respublikasy esasy orun eýeledi.
Trabzondan Italiýa 13 müň 52 tonna funduk eksport edilip 110 million 972 müň 843 dollarlyk girdeji gazanyldy.
Degişli Habarlar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary Polşa tabşyryldy