Türk Howa Ýollary Günde Ortaça 590 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Liderligini Dowam Etdirdi

Sanawda THÝ-dan soň günde ortaça 373 uçar sapary bilen Air Frans ikinji orny eýeledi

1586870
Türk Howa Ýollary Günde Ortaça 590 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Liderligini Dowam Etdirdi

Türk Howa Ýollary fewral aýynyň 11-17-i aralygynda günde ortaça 590 uçar sapary bilen Ýewropada liderligini gorap saklady.

Ýewropa Howa Gatnawy gullygynyň fewral aýynyň 11-17-i aralygynda guralan uçar saparlary hakyndaky habarnamasyna görä, THÝ günde ortaça 590 uçar sapary bilen Ýewropaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy.

Sanawda THÝ-dan soň günde ortaça 373 uçar sapary bilen Air Frans ikinji orny eýeledi.

Pegasus Howa ýollary günde 255 sapar bilen sanawda dördünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #sanaw , #uçar sapary , #THÝ

Degişli Habarlar