Duz Kölünden Çykarylýan Mineral Duz 60 Ýurda Eksport Edilýär

Mineral Duzyň Russiýanyň, ABŞ-nyň, Afrika we Ýewropa ýurtlarynyň başda durmagynda 60-dan gowrak ýurda eksport edilýär

1500348
Duz Kölünden Çykarylýan Mineral Duz 60 Ýurda Eksport Edilýär

 

Duz kölünde iş alyp barýan Koýunju Duz kärhanasynyň ekpsortdan jogapkär müdüri Ahmet Solak, duz kölünden çykarylýan mineral duzlaryň 90 göteriminiň eksport edilýändigini aýtdy.

Ahmet Solak, Duz kölünden çykarylýan mineral duzyň Russiýanyň, ABŞ-nyň, Afrika we Ýewropa ýurtlarynyň başda durmagynda 60-dan gowrak ýurda eksport edilýändigini belledi.

Solak, Türkiýäniň duz eksportunyň her ýyl artýandygyna ünsi çekdi.

Ahmet Solak, dünýäde Duz köli ýaly 6 köliň bardygyny we şolardan diňe 3-de duzyň çykarylýandygyny belledi.


Etiketkalar: #eksport , #duz , #mineral

Degişli Habarlar