Türkmenistan bilen Türkiýäniň Arasynda Syýahatçylyk Ösýär

Türkiýäniň tanalmagyna goşant goşmagy maksady bilen Türkmenistandan metbugat işgärleri, sungat ussatlary we syýahatçylyk gulluklarynyň işgärleri Türkiýede myhman edilýär.

2136484
Türkmenistan bilen Türkiýäniň Arasynda Syýahatçylyk Ösýär
TKM 2.jpeg
TKM 5.jpeg
TKM 4.jpeg
TKM 3.jpeg

Bu saparlar maksadyna ýetdi we Türkmenistandan Türkiýä sapar eden syýahatçylaryň sany ýylyň üç aýynda 32 müňden geçdi.

Şanlyurfa we Gaziantep welaýatlaryna baryp gören Türkmenistanyň syýahatçylyk gullukçylarynyň ýolbaşçylary Türkiýede syýahatçylygyň deňizden, gumakdan we güneşden ybarat däldigini beýan etdiler.

Türkmenistandan Türkiýä syýahatçylyk saparlary 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 68 göterim artdy. Onlarça müň ýolagçynyň Türkiýä peteklerine berýän belli syýahatçylyk gulluklaryndan sekiziniň ýolbaşçysy Türk howaýollary bilen Türkiýaniň Syýahatçylygy tanyşdyryş we ösdüriş gullugynyň hyzmatdaşlygynda Türkiýä sapar etdiler.

Türkiýänin diňe bir deňiz, gumak we güneş syýahatçylygyndan ybarat däldigini beýan eden ýolbaşçylar, Gaziantepdäki we Şanlyurfadaky medeniýet, ynanç we gasrtanomiýa syýahatçylygyna geň galandyklaryny aýtdylar.

Sapara gelenlerden biri bolan Sähra Amanowa TRT-ä beren interwýusynda: “Saparymyzda Göbeklidepeden başladyk. Gadymy Harran şäheri bilen dowam etdik. Soň gastranomiýanyň merkezi Gaziantebe bardyk. Onuň şeýle baý we tagamly aşhanasynyň bardygyny gördük. Gadymy Zeugma mozaika müzeýi bolsa ajaýypdy. Görenlerimiziň her biri bizi aýratyn tolgundyrdy” diýdi.

Begli Durdymämmedow bolsa öz garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: “İş saparymyzda Türkiýäniň syýahatçylyk firmalary we myhmanlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdik. Syýahatçylyk pudagynyň tejribelerini biziň bilen bölüşdiler. Biz hem Türkmenistandaky syýahatçylyk destinasiýalary hakynda maglumat berdik. Saparymyzyň taryhy we medeni taýdan dogan iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjakdygyna ynanýarys” diýdi.

Resmi maglumatlara görä 2023-nji ýylda 167 göterimlik artyş bilen 120,928 türkmen raýaty Türkiýä sapar edipdi.



Degişli Habarlar