Erdogan Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Kommunikasiýalar edarasy telefon söhbetdeşligi barada beýanat berdi
2126605
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanatda: "Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary bilen sebitleýin we global meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasy bilen bagly artan gyzyklanmasynyň buýsandyryjydygyny beýan etdi. Liderler telefon söhbetdeşliginde biri-birlerini Oraza baýramlary bilen gutlady" diýip habar berildi.