Türkmenistan Yraga Tebigi Gaz Eksport Etmegi Meýilleşdirýär

Eýrandan üstaşyr Yraga ýylda 10 milliard kub metrlik türkmen gazynyň eksport edilmegi meýilleşdirilýär.

2048293
Türkmenistan Yraga Tebigi Gaz Eksport Etmegi Meýilleşdirýär

Türkmenistan, iki taraply pul çalşygy(swap) şertnamasy arkaly Eýrandan üstaşyr Yraga ýylda 10 milliard kub metrlik gaz eksport etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Altyn Asyr kanalynyň berýän habaryna görä, “Türkmengaz” döwlet konserniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet, Yragyň paýtagty Bagdatda Energetika ministri Ziýad Ali Fadel bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlyk meselesi seljerildi we “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň Energetika ministrliginiň arasynda tebigy gaz pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi babatynda ylalaşyk teswirnamasy baglaşyldy.

Ylalaşyk teswirnamasynyň çäginde iki taraply pul çalşygy(swap) şertnamasy arkaly Eýrandan üstaşyr Yraga ýylda 10 milliard kub metrlik türkmen gazynyň eksport edilmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar