Türkmenistanda 463 raýatyň günäsi geçildi

Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilen raýatlaryň, arman-ýadaman zähmet çekmeklerini, ýurtda alynyp barylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny, Türkmenistana tüýs ýüreklerinden hyzmat etmeklerini diledi

1975442
Türkmenistanda 463 raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen permana laýyklykda, 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 463 raýatyň günäsi geçildi. 

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow ýurtda däbe öwrülen jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň milli baýramlardan ozal günäleriniň geçilýändigini ýatlatdy. 

Serdar Berdimuhamedow permana gol çekeninden soň günäsi geçilen 463 raýatyň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Serdar Berdimuhamedow 17-nji aprelde boljak Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçilen raýatlaryň, arman-ýadaman zähmet çekmeklerini, ýurtda alynyp barylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny, Türkmenistana tüýs ýüreklerinden hyzmat etmeklerini diledi. 

 



Degişli Habarlar