Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary başlady

1965055
Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Ýurtda saýlaw üçin döredilen 2 müň 644 saýlaw uçastogy ýerli wagt bilen sagat 07:00-da açyldy. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan berilen beýanatda, 3 million 496 müň 475 saýlawçy, özlerine 5 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde wekilçilik etjek deputatlary bilen halk maslahatlarynda we ýerli dolanşykda wekilçilik etjek wekillerini saýlamak üçin ses berýär. 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň habaryna görä, geçirilýän saýlawlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 258, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001, Geňeşleriň agzalygyna 12098 hasaba alyndy. Olar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, şeýle hem dalaşgärlerini hödürläp biljek raýat toparlaryna wekilçilik edýärler.

Deputat saýlawlary üçin 3 syýasy partiýadan jemi 175 dalaşgär we raýat toparynyň 83 garaşsyz dalaşgäri bolmak bilen jemi 258 dalaşgär mejlisdäki 125 orun üçin özara bäsleşýär. 

Saýlawlara 2 müň 855 ýerli we takmynan 80 halkara guramanyň wekilleri syn edýär. 

Mundan başgada 18 ýaşan 75 müň 606 saýlawçy ilkinji gezek ses berýär. 



Degişli Habarlar