Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa Sapar Gurady

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow diplomatik gatnaşyklaryň 31-nji ýylynda Hytaý Halk Respublikasyna saapr gurady

1929207
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa Sapar Gurady
Türkmenistan-Çin2.jpg

Saparda iki ýurduň arasynda bar bolan özara we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji resmi saparyny gurady.  Türkmenistanyň Lideri Pekinde guralan resmi garşylama dabarasyndan soň hytaýly kardeşi Si Sizinpin bilen duşuşdy.

Duşuşykda özraa hyzmtdaşlygyň bar bolan ýagdaýy we gelejekdäki şertler seljerildi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek Ýolunyň Abatlanmagy” taslamasy bilen Hytaýyň “Bir ýol-Bir Guşak” taslamasynyň Orta Aziýada parahatçylygyň güýçlendirilmegine goşant goşjakdygyny beýan etdi. Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürjek bu beýik taslamanyň bilelikde utgaşdyrylmagyny teklip etdi.

Soň toparara gepleşikler geçirildi. İki ýurduň arasynda energetika, ulaglar, aragatnaşyk, söwda we ykdysadyýet pudaklary boýunça 16 teswirnama gol çekişildi. Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň 10 aýynda Hytaýa eksporty 2021-nji ýylyň degişli döwürne görä 78 göteimden gowrak artyp, 7 milliard dolara golaýlapdy.

Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz turba geçirisiniň 2009-njy ýylda ulanmağa berilmeginden soň iki ýurduň arasyndaky gatanaşyklar strategik häsýete eýe boldy. Türk gazynyn esasy alyjysy bolan Hytaýa şu günki güne çenli 260 m3-dan gowrak tebigy gaz eksport edildi. 3 ugurda Özbegistanyň we Gazagystanyň üstaşyr Hytaýa barýan geçirijinin 4-nji ugry hem ulanmaga berilenden soň ýylda 65 milliard m3 gaz akdyrylar.

 



Degişli Habarlar