Türkmenistanyň Lideri Abu Dabi Şäherine Sapar Etdi

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar gurady.

1909367
Türkmenistanyň Lideri Abu Dabi Şäherine Sapar Etdi

Iki ýurduň arasynda energetikadan ulaglar pudagyna, maliýe jenaýatlaryndan kiber howpsuzlyga çenli 13 ylalaşyga gol çekişildi.

Türkmenistanyň Lideri Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýanyň çakylygyna laýyklykda Abu Dabi şäherine iş saparyny gurady.

Prezidentiň köşküniň öňünde guralan resmi garşylama dabarasyndan soň özara we toparara duşuşyklar geçirildi.

Saparyň dowamynda bar bolan şertler seljerildi, sebitleýin we halkara ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça pikir alyşyldy.

Ýakyn GÜndogarda we Aziýada durnukly galkynyş ugrunda edilýän tagallalaryň goldanmalydygy beýan edildi, Owganystandaky meseleleriň parahatçylykly ýollardan çözülmelidigi nygtaldy.

Gepleşiklerde ykdysadyýet, ulaglar we söwda pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi, nebit, tebigy gaz we gaýtadan işlenýän energetika pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzüne geçirilip bilinjekdigi beýan edildi.

BAE-niň firmalarynyň Türkmenistanda iş ýüzüne geçirilýän “ýokary amatlykly” şäher taslamalaryna gatnaşyp biljekdigi mälim edildi. Soň ylalaşylan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ugrukdyrjak 13 ylalaşyga gol çekişildi.

Myhmansýerliligi üçin minnetdarlyk bildiren Serdar Berdimuhamedow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Liderini Türkmenistana çagyrdy.

 



Degişli Habarlar