Türkmenistanyň Döwlet baştutany TBMM-niň başlygyny kabul etdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlsiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde resmi saparda bolýar

1907948
Türkmenistanyň Döwlet baştutany TBMM-niň başlygyny kabul etdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowa Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip erdoganyň salamyny ýetirdi. 

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky söwda, syýasy, medeni we parlamentara gatnaşyklaryň özgermeginden hoşaldygyny beýan etdi. 

Geçirilen duşuşykdan soň Milli Geňeşiň mejlisinde çykyş eden TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop: ""Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlygy, taryhy we medeni gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hormat we ynama esaslanýan bar bolan güýçli gatnaşyklarymyzy dowam etdirdmek bilen, transport, söwda, energetika, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar, bilim, sosial we medeni ugurlaryndaky jebisligimizi özgertmek bilen, ösýän Aziýanyň dünýä sahnasyndaky öňbaşçy ýurtlary hökmünde bilelikde beýgeleris" diýip habar berdi. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Türki Döwletleri Guramasynyň synçy agzasy bolan Türkmenistanyň gurama doly agza bolmagy bilen guramanyň güýçlenjekdigini beýan etdi. 

Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen hem toparara gepleşikler geçirdi. 



Degişli Habarlar