Çanakgala Ýeňişi Aşgabatda-da Ýatdan Çykarylmady

Taryhyň akymyny özgerden gahryman şehitler we kazylar hormat bilen hatyralandy.

1798088
Çanakgala Ýeňişi Aşgabatda-da Ýatdan Çykarylmady
Çanakkale Aşkabat 2.jpg
ÇAnakkale Aşkabat 3.jpg

Bilelikdäki Türkmen-Türk medebiniň Aşgabatda ýerleşýän Türk medeniýet merkezinde 18-nji mart Şehitlerini hatyralama çäresi guraldy. Çärä İlçi Togan Oral bilen bilelikde Türkmenistanda işleýän dürli edaradyr guramanyň wekilleri gatnaşdylar.

Çanakgalada watanyn ýüregini gaýtadan işledilendigini we agyr ýitgiler çekilendigini aýdan İlçi Oral; “Çanakgala bolmadyk bolsady, ne Türkiýe Respublikasy bolardy, ne-de biz bolardyk” diýdi.

ÇAnakgala dessanyna doly göz ýetirmek üçin gönüden Çanakgala baryp görülmelidigini aýdan Oral, garaşsyzlyk oduny ýakan Gahryman M.K.Atatürkiň Çanakgala ýenişini gazandyran ruhy gürrüň berýärkä tolgundy.

Oral; “Bukylaryň arasyndaky aralyk 8-10 metr, gidip görüň. Hakykatdan hem birinji bukydaky esgerler hüjüm edýärler, ählisi ölýärler. İkinji bukydalara ölüm gutulgysyz. Üç minut soň ölçegini bilýär. Kiçijik ikirjiňlenme ýok, yza tesme ýok. Okap bilýänler ellerinde gurhan okaýarlar, bilmeýän kelemesini getirip, jennete gitmäge taýýarlanýarlar” we M.Kemal şeýle diýýär; “İne bize ýeňişi getiren şol ruh, bu ruhdur” diýýär.

Hatyralama çäresi okuwçylaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Güne bagyşlanan goşgular okaldy. Şehitleriň atlary okalanda zaldakylar tolgundylar.

Çärede okuwçylaryň çeken Çanakgala ýeňişiniň ruhuny beýan edýän suratlar sergilendi. Mekdepde başarnykly okuwçylara sylaglar we sowgatlar gowşuryldy.



Degişli Habarlar