Prezident Erdogan, Eýranyň Prezidentiniň Wekili Muhbir Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan, Raisi we Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen birlikde ýanyndakylaryň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna gynanç bildirdi

2141994
Prezident Erdogan, Eýranyň Prezidentiniň Wekili Muhbir Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Eýranyň Prezidentiniň wekili Muhammed Muhbir bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Muhbire, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen birlikde ýanyndakylaryň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna gynanç bildiren Prezident Erdogan, eýranyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

Türkiýäniň eýranyň halkyna goldaw berýändigini nygtan Erdogan, Türkiýäniň mundan soňky etapda hem Eýran bilen goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklaryna laýyklykda hereket etmäge dowam etjekdigini belledi.

Prezident Erdogan, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklara goşan oňyn goşandy bilen hatyralanjakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar