Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagy Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

2141999
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagy Sebäpli 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Prezident R. T. Erdogan, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň ýogalmagy sebäpli 1 günlük milli ýasyň yglan edilmegi barada kararyň kabul edilendigini mälim etdi.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen birlikde ýanyndakylaryň dik uçar heläkçiliginde ýogalmagyna gynanç bildiren Erdogan, “Şu günki mejlimizde eýranyň halkyna goldaw bermek maksady bilen ýurdumyzda 1 günlük milli ýasyň yglan edilmegi barada karar kabul etdik” diýdi.

Erdogan, Raisi bilen ýanyndakylary alyp barýan dik uçaryň heläkçilige uçramagyndan soň Eýranyň talabyna laýyklykda Eýrana giden Akynjy uçarmansyz howa ulagynyň ýaramaz howa şertlerine garamazdan sebitde 7,5 sagadyň dowamynda 2100 kilometrlik meýdanda gözleg işini geçirendigini belledi.

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi öňňin Eýran-Azerbaýjan serhedinde bendiň açylyş dabarasyna gatnaşandan soň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen birlikde ýanyndakylar dik uçar heläkçiligine sezewar boldy.

Eýranyň talabyna laýyklykda sebite giden Akynjy uçarmansyz howa ulagy heläkçilige uçran dik uçaryň ýerini anyklady



Degişli Habarlar