Prezident Erdoganyň 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlagy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 19-njy maý ruhunyň bu milletiň iň uly baýlydygyny, maýasydygyny beýan etdi

2141228
Prezident Erdoganyň 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlagy

Prezident Erdogan 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Samsunda mundan 105 ýyl ozal başlan we Milli Azat edijilik söweşini ýeňiş bilen netijelendiren 1919-njy ýylyň 19-njy maý gününiň, güýçli Türkiyäniň gurluşynda ilkinji kerpijiň goýulan senesidigini aýdan Prezident Erdogan: "Bu taryh milletimiziň duşman basyp alyşlygyna garşy ýurdumyzyň her bir çüňkünde beýgelýän garaşsyzlyk we gelejek ruhunyň uçguny boldy. Milletimiziň ýesirlige garşy garşylygyny orta goýup, barlygy üçin umumy göreşi başlatan bu tapgyryň dowamynda, ýa garaşsyzlyk ýa-da ölüm sesleri bilen ýola goýulan bar bolmak-ýok bolmak ugrundaky göreş başlandy" diýip habar berdi. 

Samsunda ýanan garaşsyzlyk fakeliniň Amasýa, Erzurum, Siwas we ondan soň Ankara bilen bütin Anadola ýaýrandygyny aýdan Prezident Erdogan 19-njy maý ruhunyň bu milletiň iň uly baýlydygyny, maýasydygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan: "Kynçylyklara garşy durmagyň, erjellik bilen, ynanç bilen we tutanýerlilik bilen bilelikde göreşmegiň manysy bu ruhda gizlenýär. Ýurdumyzyň sezewar galan her dürli basyşa, meçew bermelere garamazdan tizleşdiren galkynyş, ösüş, güýçlenme göreşini diňe 19-njy maýyň ruhyna, düýp-manysyna, ýörelgelerine, ideallaryna we maksatlaryna eýe çykyp dowam etdirip bileris" diýip habar berdi. 

Ýaşlara ýüzlenen Prezident Erdogan: "Täze Türkiye Asyrynyň dowamy bolan siz şolar ýaly aň düşünje bilen we özüňize bolan ynam bilen taryhyňyza, şu günki günüňize eýe çykyp, biri-biriňiz bilen jebisleşiň, biri-biriňiz bilen doganlyk hukugyňyzy ösdüriň. Sizi ýaşlary we milletimizi 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen gutlaýaryn, Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen Milli Azat edijilik söweşimiziň ähli gahrymanlaryny ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýaryn" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar