Prezident Erdogan Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso garşy guralan hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso garşy guralan hüjümi ýazgaryp, duýgudaşlyk bildirdi

2140218
Prezident Erdogan Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso garşy guralan hüjümi ýazgardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan sosial media ulgam arkaly beren beýanatynda: "Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso garşy aýylganç janyna kast etmek synanyşygyny berk ýazgarýaryn, hüjümde ýaralanan hormatly Fisonyň tiz wagtda sagalmagyny dileýärin. Slowakiýanyň halkyna we hökümetine, ýurdumyň we milletimiň adyndan gynanç bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Slowakiýanyň premýer ministri Robert Fiso düýn Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň guralan ýaragly hüjümde ýaralanyp, hassahana alynyp gidilipdi. 



Degişli Habarlar