Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy harby birikmä hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 2 terrorçy, Yragyň Hakurk sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirildi

2140245
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Milli howpsuzlyk gullugy terror guramasy PKK/KJK-a agza bolan "Tufan Koçer" adyny ulanýan Ahmet Baýar bilen "Merwan Zerewan" adyny ulanýan Ahmed Ibrahim Al Ahmediň Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby birikmä hüjüm guramak üçin görkezme alandyklary anyklandy. 

Şonuň esasynda Yragyň Hakurk sebitinde geçirilen operasiýanyň netijesinde hüjüm guramak üçin taýarlyk gören Baýar we Al Ahmed täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Ahmet Baýaryň terror guramasy PKK-nyň düzümine 2012-nji ýylda goşulandygy, geçmişde Siriýada iş alyp barandygy we guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň goragçysy bolandygy, Al Ahmediň bolsa 2014-nji ýylda Kandil sebitinde adamlaryň janyna kast etmek boýunça tälim alandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar