Hakan Fidan kanadaly kärdeşi Melani Joli bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan düýn Kanadanyň daşary işler ministri Melani Joli bilen duşuşyk geçirdi

2140260
Hakan Fidan kanadaly kärdeşi Melani Joli bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan berilen beýanatda, ministr Hakan Fidanyň kanadaly kärdeşi Melani Joli bilen paýtagt Ankara şäherinde duşuşyk geçirendigi mälim edildi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä 2024-nji ýyl Türkiye bilen Kanadanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 81-nji ýyly bolmak bilen birlikde, soňky ýyllarda iki ülkäniň arasynda esasan hem maglumat tehnologiýasy, awtoulag we deňiz pudaklarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özgerdildi. 

Takmynan 3 milliard dollar bolan Türkiye-Kanada söwda mukdarynyň, gysga möhletde 5 milliard dollar derejä ýetirilmegi maksat edinilýär. 

Ilkinjisi 2019-njy ýylda Stambulda Kanada bilen bilelikde geçirilen Ykdysady we Söwda bilelikdäki komitetiniň maslahatynyň öňümizdäki döwürde ýaňadandan geçirilmegine garaşylýar. 


Etiketkalar: #Hakan Fidan , #Kanada , #Türkiye

Degişli Habarlar