Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fidan bilen Blinken Gazada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2140089
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Fidan bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde Gazada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ministr Fidan, telefon söhbetdeşliginde Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmeginiň we sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň öňündäki bökdençlikleriň ortadan aýrylmagynyň möhümdigini nygtady.

Hakan Fidan, Ysraýylyň Rafaha hüjüm guramagynyň kabul edilmesizdigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar