Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň demiragzygyndaky Kandil sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2138862
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri terrory gözbaşynda ýok etmek üçin arakesmesiz ýagdaýda göreşmäge dowam edýär. Yragyň demiragzygyndaky Kandil sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge erjellik we tutanýerlilik bilen dowam ederis" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK-nyň geňeş ýolbaşçylaryndan Şewger Çiýa adyny ulanýan Sedat Aksuny Yrakda täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Milli Howpsuzlyk gullugy Sedat Aksunyň 2016-njy ýylda Siriýanyň demiragzygynda Türk howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyrylan hüjümleriň buýrugyny beren adamdygyny anyklady.  

Sedat Aksunyň Yragyň Gara sebitinde PKK-nyň umumy ok-därisinden jogapkär ýolbaşçy hökmünde iş alyp barýandygy anyklandy. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Sedat Aksunyň terror guramanyň ýolbaşçylaryndan alýan buýruklarynyň esasynda Penje-Gulp operasiýasy sebitinde hüjümler guraýan guramanyň agzalaryny ýarag we ok-däri bilen üpjün edýändigi anyklandy. 

Şol delilleriň esasynda Milli Howpsuzlyk gullugy terrorçy Sedat Aksuny ýanyndaky terrorçylar bilen birlikde Gara sebitinde geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #Siriýa , #Yrak

Degişli Habarlar