Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Önjü Keçeli, Türkiýäniň Gaza iň köp ynsanperwer kömegini beren ýurtdygyny aýtdy.

2137289
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Türkiýe Gaza Sektoryna 52 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Türkiýäniň Gaza iň köp ynsanperwer kömegini beren ýurtdygyny aýtdy.

Türkiýäniň Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýändigini aýdan Keçeli, 1908 tonna ynsanperwer kömegini alyp giden ýene-de bir gäminiň Mersin portundan Gaza tarap ugrandygyny ýatlatdy.

Keçeli “5066 tonna ynsanperwer kömegini alyp giden başga bir gämimiz bolsa Müsüriň Al Ariş portuna bardy. Gaza häzire çenli 52 müň tonnadan gowrak ynsanperwer kömegi berildi”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar