Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.

2137557
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Ankarada saparda bolýan Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.

Paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýylmaz bilen Arkab Türkiýe bilen Alžiriň arasynda energetika pudagy boýunça edilýän gatnaşyklar, söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi we hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin amatly mümkinçiligiň döredilmegi barada hem pikir alyşdy.

 

 


Etiketkalar: #energetika , #magdan , #Alžir

Degişli Habarlar