Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

11-nji Ýagşylyk Gämisi, Mersin portundan dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

2135629
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär

Gaza 5 müň 66 tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp giden 11-nji Ýagşylyk Gämisi, Mersin portundan dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gaza Sektoryndaky palestin halkyna goldaw bermek üçin taýarlanan 5 müň 66 tonnalyk ynsanperwer kömegi dabaraly ýagdaýda ugradyldy.

Ynsanperwer kömegini alyp giden gämi 2 gün dowam etjek deňiz ýolagçylygy bilen Gaza iň ýakyn sebite Müsüriň Al Ariş portuna barar.

Ynsanperwer kömegi konteýnerler bilen Rafah gümrük geçelgesine daşalar.

Gümrük işlerinden soň ynsanperwer kömegi Gazanyň halkyna paýlanar.

 



Degişli Habarlar