Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz

Daşary işler ministri Hakan fidan “Bu tragediýadan netije çykarmasak, iki döwletli çözgüde gitmesek bu soňky Gaza urşy bolmaz” diýdi.

2135621
Bu Tragediýadan Netije Çykarmasak Bu Soňky Gaza Urşy Bolmaz

Hakan Fidan merkezi Dubaýda ýerleşýän “Al Arabiýa” ýaýlymyna beýannama berdi.

Fidan iki döwletli çözgüt boýunça Türkiýäniň tagallasynyň depginini güýçlendirendigini, musulman dünýäsiniň hem Palestina meselesinde indi bilelikde hereket edýändigini nygtap; “Bu tragediýadan netije çykarmasak, iki döwletli çözgüde gitmesek bu soňky Gaza urşy bolmaz. Başga uruşlar we göz ýaşlary bize garaşar. Ysraýyly 1967-nji ýyldaky serhetlerini kabul etmägi çagyralyň. Diňe bir Hamas däl, ähli palestinalylar 1967-nji ýyldaky serhetkere görä guruljak Palestina döwletine razy” diýdi.

 



Degişli Habarlar