Türkiýe Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyny Goldaýar

Türkiýe Palestinanyň BMG-na doly agzalyk ýüztutmasyna “egilşiksiz goldawyny” ýene-de bir gezek beýan etdi.

2134451
Türkiýe Palestinanyň BMG-na Doly Agzalygyny Goldaýar

Türkiýäniň BMG-nin ýanyndaky Hemişelik wekili Ilçi Ahmet Ýyldyz BMG-niň Baş Assambleýasynda Palestinanyň BMG-na doly agzalygyny talap edýän karar taslamasynyň ABŞ tarapyndan weto edilmegi sebäpli geçirilen maslahatda çykyş etdi.

“Palestinanyň BMG-na doly agzalyk ýüztutmasyna üýtgewsiz goldawymyzy ýene-de bir gezek beýan edýäris” diýen Ýyldyz, halkara jemgyýetçiligini palestin halkynyň başlangyç hukuklaryny ykrar edip, Palestina meselesini gyssagly seljermage çagyrdy.

Ilçi Ahmet Ýyldyz; “Türkiýe BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde weto ygtyýarynyň ulanylmagynyň palestin halkynyň kanuny isleglerini bökdemeli däldigine ynanýar. Ol, hüjümleriň dessine bes edilmegini hem bökdeýär” diýdi.

Ilçi Ýyldyz; “Geçen hepde Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalaryndan birinin weto etmegi sebäpli Palestinanyň halkara jemgyýetçiliginde laýyk bolan ýeri ýene-de bir gezek kabul edilmedi” diýdi. Ýyldyz şol weto bilen diňe bir palestin halkynyň ygtyýarynyň däl, eýsem Howpsuzlyk geňeşine agza beýleki ýurtlaryň oňyn sesleriniň hem puja çykarylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar