Terrorizme Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Serhetaşa operasiýalarda soňky bir hepdäniň dowamynda 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2134580
Terrorizme Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Bu barasynda Milli goranmak ministligi maglumat berdi.

Türk ýaragly güýçleriniň terrory ýerinde ýok etme strategiýasyna laýyklykda serhetaşa operiýalaryň yzgiderli we giň gerimli häsýetde geçirilýändigi beýan edildi.

Berilen maglumata görä soňky bir hepdede 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelikde 1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 376-sy Yragyň, 469-y Siriýanyň demirgazygynda, jemi 845-e ýetdi.

Mundan beýläk hem terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigi habar berildi.



Degişli Habarlar