Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gambiýanyň prezidenti Adama Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2134641
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye bilen Gambiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, Ysraýylyň Palestina garşy guraýan hüjümleri we Gambiýada geçiriljek 15-nji Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Gaza garşy dowam etdirýän hüjümleriniň bes edilmegi we BMG-nyň kararlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin Yslam dünýäsiniň jebislik içinde hereket etmeginiň ähmiýetlidigini beýan etdi. 

Erdogan Yslam sammitinde geçiriljek gepleşikleriň we kabul ediljek kararlaryň düşümli bolmagyny dileýändiklerini aýdan Adama Barrowa ýetirdi we Türkiyä sammitde Daşary işler ministri Hakan Fidanyň wekilçilik etjekdigini habar berdi. 

Prezident Erdogan telefon sööhbetdeşliginde şeýle hem kärdeşi bilen Türkiye bilen Gambiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin öňümizdäki döwürde edilip bilinjek ädimleri maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar