Günbatarly Ýolbaşçylaryň Ikiýüzli Syýasat Alyp Barýar

Prezident R.T.Erdogan: “Günbatarly ýolbaşçylar Gazadaky gyrgynçylyk boýynça ikiýüzli syýasat alyp barýar” diýdi.

2134730
Günbatarly Ýolbaşçylaryň Ikiýüzli Syýasat Alyp Barýar

Prezident Erdogan Halkara demokratlar bileleşiginiň ukyp kämilleşdiriş we talim boýunça işjeň maslahatyna gatnaşyjylary kabul etdi.

Erdogan duşuşykdan sözlän sözünde; “Daşary ýurtlarda ýaşaýan onlarça raýatyny terrora gurban beren ýurt hökmünde bu gynandyryjy wakalara synçy bolup galmarys. Antisemitizme garşy bolan ünsli çemeleşme gynansagam yslam duşmançylygyna we rasist hüjümlere görkezilmeýär. Türk we musulman duşmançylygyndan gözbaşalýan neonazist terror ynsanlarymyzyň howpsuzlygyna wehim salýar” diýdi.

Erdogan: “Aşa sagçy akymlaryn käbir Ýewropa ýurtlarynda gönüden döwlet tarapyndan hemaýat edilmegi günbatar demokratiýalar üçin sözüň doly manysynda pajygadyr, utançdyr, masgaraçylykdyr” diýdi.

Türkiýäniň Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşy batyrgaý pozisiýa eýeleýändigini nygtan Erdogan; “Onda-munda adam hukuklary şahadatnamasyny berýänler, 15 müňi çaga jemi 35 müň palestinalynyň ölümine diňe syn etdi. Meni we ýurdumyzy nyşana alan kampaniýalaryň soňky günlerde artmagy tötänlik däl. Bu kampaniýalaryň ýeke-täk maksady bar, ol hem biziň we Türkiýäniň sesini kesmek. Türkiýe diňe bir yslam we musulman duşmançylygy meselesinde däl, 7 aýdan bäri dowam edýän Gaza hüjümlerinde-de egilşiksiz we batyrgaý pozisiýa eleýär.

Uzak ýyllardan bäri bize demokratiýa we azatlyk sapagyny berýän günbatarly ýolbaşçylaryň Gazadaky gyrgynçylykda eýeleýän ikiýüzli syýasatlary bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Pajygaly wakalara birnäçe wyždanly syýasatçydan daşgary gaýsydyr bir günbatarly lider reaksiýa bildirmedi. Ysraýyl “Indi besdir” diýjek batyrgaý adam çykmady” diýdi.



Degişli Habarlar