Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasynyň hem Türkiye hem-de bütin sebit üçin nepes boljakdygyny beýan etdi

2133153
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz TRT Habar kanalynda "Galkynyş Ýoly taslamasy" barada möhüm beýannama berdi, taslama bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yrak döwletine guran saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täsiriniň nähili boljakdygy bilen bagly soraga jogap beren Jewdet Ýylmaz  Yrak bilen köptaraplaýyn gatnaşyklara eýediklerini habar berdi. 

Howpsuzlyk, terrora garşy göreş we energiýa bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky söwdanyň hem örän möhümdigine ünsleri çeken Jewdet Ýylmaz saparyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň Galkynyş Ýoly taslamasy bolandygyny mälim etdi. 

Galkynyş Ýoly taslamasynyň hem Türkiye hem-de bütin sebit üçin nepes boljakdygyny aýdan Wise-prezident Jewdet Ýylmaz: "Türkiye bu taslama bilen strategiki pozisiýasyny hasam ösdürer" diýip belledi. 

Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsleri çekip: "Çaknyşyklar, dawa-jenjeller, etnik bölünişikler, messep çaknyşyklary ... Bularyň hiç kime peýdasy ýok. Biziň etmeli zadymyz, howpsuzlyk we ykdysadyýet ugurlarynda has köp hyzmatdaşlyk etmekdir. Muny edenimizde sebit boýunça has üýtgeşik bir sepgide ýetjekdigimize ynanýaryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar