“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”

Prezident Erdogan namazdan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

2125499
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”

Stambulda Aýasofýa Kebir metjidinde Juma namazyny okan Prezident R. T. Erdogan namazdan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Halkyň Gadyr gijesini gutlan Prezident Erdogan, Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda durup geçdi.

Prezident Erdogan “Doganlarymyz Ysraýylyň zulumy astynda ýaşaýar. Gadyr gijesinde Alla biziň doganlarymyzy şol zulumdan halas etsin. Biz gazaly doganlarymyza ähli taraplaýyn goldaw berýäris we goldaw bermäge dowam ederis” diýip belledi.

Jebisligiň we bitewiligiň ähmiýetine ünsi çeken Prezident Erdogan, Gurhanyň Ali Imran suresiniň 103-nji aýadygyny okap, “Alla bize güýç kuwwat bersin. Alla bizi ýeneki remezanlara we ýeneki baýramlara ýetirsin. Alla jebisligimizi müdümi kylsyn” diýdi.



Degişli Habarlar