Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Fidan Gresiýanyň, Finlýandiýanyň, Günorta Koreýanyň we Bolgariýanyň Daşary işler ministri bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.

2124558
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

 

NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirdi.

Hakan Fidan Gresiýanyň, Finlýandiýanyň, Günorta Koreýanyň we Bolgariýanyň Daşary işler ministri bilen iki çäk duşuşyk geçirdi.

Hakan Fidanyň Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki kärdeş şeýle hem Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikosatikiň maý aýynda Türkiýä gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Finlýandiýanyň Daşary işler ministri Elina Waltonen bilen terrora garşy göreş we howpsuzlyk taýdan edilýän hyzmatdaşlyk we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Iki kärdeş, Türkiýe bilen Finlýandiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100-njy ýylynda özara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Hakan Fidan, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço Te Ýul bilen bolan duşuşygynda Koreýa Ýarymadasynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Fidan, Bolgariýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Mariýa Gabriel bilen duşuşdy



Degişli Habarlar