Prezident Erdogan saýlaw bilen bagly beýannama berdi
Prezident Erdogan ýerli saýlawlardan ýurt we millet üçin gowy netije çykmagyny umyt edýändigini beýan etdi
Prezident Erdogan we aýaly Emine Erdogan Stambulyň Üsküdar etrabynda ses berdiler.
Raýatlar Erdogana ses beren mekdebinde gyzyklanma bildirdiler.
Prezdent Erdogan ses bereninden soň beýannama berdi.
Saýlaw tapgyrynda diýseň güýçli kampaniýa geçirendiklerini aýdan Erdogan: "Ýerli dolanşyklardan nesip bolsa ýurdumyz, mileltimiz üçin gowy netije çykar diýip pikir edýärin. Bu saýlaw biri-birine ýakyn tapgyrda täze bir döwürň başlangyjyna sebäp bolar. Bir tarapdan deputat we prezident saýlawy, beýleki tarapdan bolsa ýerli dolanşyk saýlawy olaryň ýurdumyzda nesip bolsa täze bir döwrüň, täze asyryň başlangyjyna sebäp bolmagyny dileýärin" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan Eýranyň daşary işler ministriniň wekili bilen söhbetdeş boldy
Geçirilen telefon söhbetdeşliginde Gazadaky soňky wakalar ele alyndy
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasyna garşy alyp barýan egilşiksiz göreşi dowam edýär.