Kurtulmuş mawritaniýaly kärdeşi Meguett bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Mohamed Bamba Ould Meguett bilen duşuşyk geçirdi

2111572
Kurtulmuş mawritaniýaly kärdeşi Meguett bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Yslam hyzmatdaşlygy Parlamentar assambleýasynyň programmasynyň çäginde baran Mawritaniýada Meguett bilen duşuşyk geçirendigini belläp: "Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ele alan duşuşygymyzda, Mawritaniýanyň Afrika Bileleşiginiň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti bilen döwürleýin başlyklygyny öz üstüne almagy mynasybetli gutladyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar