Türkiýe Syýahatçylyk Pudagynda Rekordlar Goýdy

Bu barasynda Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý beýannama berdi.

2099963
Türkiýe Syýahatçylyk Pudagynda Rekordlar Goýdy

Ministr Ersoý; “Syýahatçylykda ýurdumyz geçen ýyl rekord ederejelere eýe boldy. Syýahatçy sany 56,7 million adama ýeten bolsa, 56 milliard dolar girdeji alyndy. Üstümizdäki ýyl üçin täze we has uly maksatnamalary kesgitledik” diýdi.

Syýahatçylykda 2023-nji ýylyň rekordlar ýyly bolandygyny beýan eden Ersoý, 2024-nji ýylda 60 million syýahatçy we 60 milliard dollar girdeji almagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Ministr Ersoý täze döwürde syýahatçylykda täze bazarlara gönükjekdiklerini nygtap; “Syýahatçylykda ýurdumyzda geçen ýyl rekordlara ýetdi. Syýahatçy sany 56,7 million adama ýeten bolsa, 56 milliard dolar girdeji alyndy. Üstümizdäki ýyl üçin täze we has uly maksatnamalary kesgitledik. 2024-nji ýylda 60 million syýahatçy we 60 milliard dollar girdeji almagy maksat edinýäris. Bu bäsleşikde ýeke-täk garşydaşymyz özümiz. Ýylsaýyn rekordlarymyzy täzeläp, irginsiz işleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar