Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

6 welaýatda geçirilýän operasiýalar hakynda Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa habarnama berdi.

2069080
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa ektremist terror guramasyna garşy 6 welaýatda geçirilýän “Gahrymanlar-30” atly operasiýalarda 63 gowagyň, gaçybatalganyň we ammaryň hatardan çykarylandygyny beýan etdi.

Ministr Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren habarnamasynda terrorçylaryň çetki etraplarda gyş aýlarynda aksiýa guramak maksady bilen gowaklarda we gaçybatalgalarda gizlän ýaraglarynyň, ok-därileriniň we partlaýycylarynyň ýok edilmegi üçin “Gahrymanlar-30” operasiýalarynda 6 welaýatda 63 gowagyň, gaçybatalganyň we ammaryň hatardan çykarylandygyny habar berdi.

Habarnamasynda; “Terrorçylaryň hinlerini başlaryna ýykýarys, ýygmaga dowam ederis” diýip ýazan Ýerlikaýa, Şyrnak, Siirt, Kahramanmaraş, Diýarbakyr, Muş we Tunceli welaýatlarynda geçirilen operasiýalara ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen “ATAK” dik uçarlarynyň goldaw berendigini nygtady.



Degişli Habarlar