Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan terrora garşy göreş barada maglumat berdi

2063421
Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 12 aýry welaýatda geçirilen "Gahrymanlar" operasiýasynda 42 gowagyň, gaçybatalganyň we ammaryň ýok edilendigini habar berdi. 

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, terrorçylaryň hinlerini ýeke-ýeke ýumurmaga dowam edýändiklerini mälim etdi. 

Esktremist terror guramasyna agza terrorçylaryň obalyk ýerlerde gyş aýlarynda ýaşamak üçin taýarlan gowaklaryň we gaçybatalgalaryň ýok edilmegi maksady bilen geçirilýän "Gahrymanlar" operasiýasynda 12 aýry welaýatda 42 gaçybatalganyň, gowagyň we ammaryň ýok edilendigini aýdan Ali Ýerlikaýa: "Terrora garşy göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar