Içeri işler ministri Gahrymanlar operasiýasy barada beýanat berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Gahrymanlar operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a degişli 21 gaçybatalganyň we gowagyň ýok edilendigini mälim etdi

2060475
Içeri işler ministri Gahrymanlar operasiýasy barada beýanat berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň obalyk ýerlerde gyş aýlaryny geçirmek üçin taýarlan gowaklaryň we gaçybatalgalaryň anyklanmagy we ýok edilmegi bilen baglanşykly 8 aýry welaýatda 18 müň 500 žandarmanyň gatnaşmagynda Gahrymanlar atly operasiýasynyň geçirilýändigini habar berdi. 

"Terrorçylaryň hinlerini ýeke-ýeke üstüne ýumurýarys, mundan soň hem ýumurmaga dowam ederis" diýip aýdan Ali Ýerlikaýa, 8 aýry welaýatdaky operasiýalara Žandarma-ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen birlikde Atak kysymly dikuçarlarynyň goldaw berýändigini aýan etdi. 

Operasiýalarda häzirki wagta çenli 21 gowagyň we gaçybatalganyň ýok edilendigini aýdan Ali Ýerlikaýa, köp sanda ýarag, ok-däri, azyk, saglygy goraýyş enjamlary we gurama degişli resminamalaryň ele salynandygy mälim edildi. 

Ali Ýerlikaýa: "Terrora garşy göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar