Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Ýorgo Gerapetritis, 5-nji sentýabrda iş sapary bilen Türkiýä geler.
2029639
Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgo Gerapetritis, 5-nji sentýabrda iş sapary bilen Türkiýä geler.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgo Gerapetritis, 2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň myhmany hökmünde iş sapary bilen Türkiýä geler. Iki kärdeş duşuşykda özara we sebitara gatnaşyklar hakynda pikir alyşar” diýildi.
Degişli Habarlar
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 16 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi