Prezident Erdogan Pars aýlagy ýurtlarynda saparda bolar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ertir Pars aýlagy ýurtlaryna sapara çykar

2012001
Prezident Erdogan Pars aýlagy ýurtlarynda saparda bolar

Prezident Erdogan nobat bilen Saud Arabystany, Katar we BAE döwletlerine sapar gurar we kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirer. 

Erdogan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Saud Arabystanynda Şa Selman bin Abdülaziz bilen duşuşyk geçirer we Saud Arabystany-Türkiye Işewürler forumyna gatnaşar. 

Prezident Erdogan 18-nji iýulda bolsa ilki bilen Katar, soň bolsa BAE döwletine sapar gurar. 

Prezident Erdogan saparynda saglygy goraýyş, energetika we goranyş senagaty ýaly biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşmagyna garaşylýar. 

Birnäçe wagt ozal bolsa Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek hem sebite sapar gurapdylar. 



Degişli Habarlar